Dünýäniň ilkinji hususy gonuş moduly Aýa uçuryldy

71

Foloridanyň Kanaweral burnunda “Vulcan” raketanyň uçurylyşy üstünlikli amala aşyryldy. Raketanyň bortunda dünýäniň ilkinji hususy gonuş moduly bolan “Peregine” ýerleşdirilendigi habar berilýär. Enjam “Astrobotic Technology” amerikan kompaniýasy tarapyndan işlenip düzüldi. “Peregrine” Aýyň üstüne togsan kilogram töweregi ýük eltmeli. Modulyň bortunda Aýyň üstki gatlagyny öwrenmek üçin enjamlar we gurallar bar.