“Qatar Airways” awiakompaniýasy Dubaýda guraljak “Arabian Travel Market” halkara syýahatçylyk sergisinde emeli aň tehnologiýasy bilen abzallaşdyrylan dünýäniň ilkinji adampisind ýolbelet gyzyny görkezer.
Robot uçar- uçarbelet gyz “Sama 2.0” soraglara real wagt düzgüninde jogap berip bilýär, jahankeşdelere syýahatyny meýilleşdirmäge kömek edip, awiakompaniýanyň işi bilen baglanyşykly ýygy-ýygydan berilýän soraglara jogap berýär.
Ýakyn Gündogaryň iň uly biznes sergisi bolan “Arabian Travel Market” (ATM) 6-njy maýdan 9-njy maý aralygynda Dubaýyň Bütindünýä söwda merkezinde geçiriler.
Her ýyl guralýan bu sergä dünýäniň dürli ýurtlarynyň syýahatçylyk kompaniýalarynyň wekilleri, hökümet wekiliýetleri, žurnalistler we internet bloggerleri gelip görýärler. Olar bazaryň geljegi we syýahatçylyk pudagynyň soňky tendensiýalary barada özara pikir alyşýarlar.