Haýwanat dünýäsi täsinliklerden doly! Şeýle täsinlikleriň biri Tehasda Pearl atly towuk häzirki wagtda dünýäde ýaşaýan towuklaryň arasynda iň uzak ýaşlysy diýlip ykrar edildi. Bu öý guşy şu ýylyň 22-nji maýynda 14 ýyl 69 gün ýaşady. Bu barada Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda bellenilýär. Garry towugyň bir gezek penjesi ýenot hüjüm edip döwülipdir, ol guragyrydan ejir çekýär, diýip towuk eýesi Soni Hall gürrüň berýär. Aslynda öý towuklarynyň ortaça ömri 3-10 ýyl aralygynda bolýar. Ol köplenç myhman otagyna girip, telewizora tomaşa etmegi halaýar. Bulardan başga-da bu täsin towuk her gün diýen ýaly arassa howada gezim edýär, emma yssy howada demigip ugraýar. Öý bikesiniň gürrüň bermegine görä, towuk ter ysmanak, hozly we miweli işdäaçarlary, şeýle hem towuklar üçin ýörite edilen iýmitleri iýýär.
Mährem BABAMYRADOWA,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyby.