Sygahatçylyk pudagynyň müňden gowrak hünärmeniniň gatnaşmagynda düzülen “Dünýäniň iň gowy 50 plýažy” reýtinginde Filippinleriň Palawan adasyndaky Entalula plýažy birinji orny eýeledi. Ikinji ýerde bolsa Ýewropanyň iň gowy dynç alyş ýeri diýlip ykrar edilen Gresiýanyň Kefaloniýa adasyndaky Fteri plýažy ýerleşdi. Sanawa Ýewropa yklymyndan jemi 11 sany kenarýaka zolagy, şol sanda Türkiýäniň meşhur Kaputaş plýažy (29-njy orun) hem-de Ispaniýanyň, Italiýanyň we Fransiýanyň iň gözel künjekleri girdi. Plýažlar bahalandyrylanda olaryň tebigy gözelligi, suwunyň durylygy, ekologiýa ýagdaýy we dynç alyş üçin parahatçylygy esasy ölçegler hökmünde alyndy. Hünärmenler, esasanam, diňe gaýyk bilen baryp bolýan, el degmedik tebigy künjeklere we dury gök reňkli suwly aýlaglara has ýokary baha berdiler. Sanawyň iň soňky basgançagyny bolsa Irlandiýanyň Kim plýažy tamamlady.