Syýahatçylyk maglumatlaryny taýýarlaýan «Tripadvisor» internet portaly okyjylarynyň ses bermeginde ýylyň iň gowy myhmanhanalarynyň sanawyny düzdi. «Travelers’ Choice 2025 Best Of The Best» atly sanawda myhmanhanalar dürli ugurlarda baýraklara mynasyp boldy. Sanawa dünýäniň dürli ýerlerinden iň gowy dynç alyş merkezleri girizilipdir. Iň gowy myhmanhanalaryň sanawynda birinji ýeri Meksikadaky «Secrets Akumal Riviera Maya» myhmanhanasy eýeledi. Meksika aýlagyndaky kenarýaka Akumal şäherindäki bu ýer tebigy gözellikleri bilen köpleri özüne çekýär. Bu ýerdäki dury suwly kenarda ýüzýän adamlar deňiz pyşdyllaryny we beýleki suw jandarlaryny ýakyndan görmäge mümkinçilik alýarlar. Ikinji ýeri Wýetnamdaky «Grandvrio Ocean Resort Danang» myhmanhanasy eýeläpdir. «Gokulam Grand Turtle on the Beach» myhmanhanasy (Hindistan) üçünji, «Romance Istanbul Hotel» myhmanhanasy (Türkiýe) dördünji bolupdyr.
Yslamberdi TYLLANUROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.