Şu ýylyň 15-17-nji awgustynda Hytaýyň paýtagty Pekinde Bütindünýä adamsypat robot oýunlary guralar. Täsin bäsleşik Hytaý milli stadionynda hem-de Hytaý milli konkili typmak stadionynda geçiriler. Halkara sport we tehnologiýa çäresi esasy ýaryşlardan hem-de beýleki ugurdaş çärelerden ybarat bolar. Ýaryşy guraýjylar geçiriljek oýunlaryň adamsypat robot tehnologiýasynyň köp dürlüligini, täzeçil we gündelik durmuşda ulanmaga amatlydygyny görkezmekden ybarat boljakdygyny belleýärler. Indi ösen tehnologiýa robotlaryň ukybyny artdyrýar. Golaýda ýurtda iki aýakly robotlaryň ýarym marafony hem geçirilipdi.
Mähri GURBANOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.