Dünýäniň iň güýçli syýahatçylyk şäherleri

148

Mer­ke­zi eda­ra­sy Ang­li­ýa­da ýer­leş­ýän Bü­tin­dün­ýä ja­han­keş­de­lik we sy­ýa­hat ge­ňe­şi (WTTC) 2022-nji ýy­la de­gi­şi mag­lu­mat taý­ýar­la­dy. Mag­lu­mat­da sy­ýa­hat­çy­la­ryň ni­re­ler­de has köp pul so­wan­dy­gy mä­lim edil­di. Mag­lu­mat taý­ýar­la­nan­da, mu­zeý bi­let­le­ri­niň ba­ha­la­ry, myh­man­ha­na otag­la­ry­nyň ba­ha­la­ry we ýur­duň hö­kü­me­ti­niň sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gyn­da iş­le­ýän eda­ra-kär­ha­na­la­ra goý­ber­ýän ma­ýa go­ýu­my ýa­ly öl­çeg­ler­den ugur alyn­dy. Şeý­le­lik­de, iň güý­çi sy­ýa­hat­çy­lyk şä­her­le­ri­niň sa­na­wy taý­ýar­lan­dy. Sa­na­wyň ba­şyn­da sy­ýa­hat­çy­la­ryň sa­nyn­da he­mi­şe öň­de­li­gi eýe­le­ýen Fran­si­ýa­nyň paý­tag­ty bar. Pa­riž şä­he­ri bu pu­dak­dan 35,600 mil­liard dol­lar gir­de­ji ga­za­nyp­dyr. Sa­na­wyň il­kin­ji on­lu­gy­na ABŞ-nyň we Hy­ta­ýyň her­sin­den üç şä­her gi­rip­dir. “Walt Dis­ney World Re­sort” güý­men­je top­lu­my ýer­leş­ýän Flo­ri­da şta­tyn­da­ky Or­lan­do şä­he­ri sy­ýa­hat­çy­lar­dan 31 mil­liard dol­lar gir­de­ji ga­za­nyp­dyr. Şeý­le­lik­de, Flo­ri­da ABŞ-nyň bu pu­dak­dan iň köp gir­de­ji ga­za­nan şta­ty bo­lup­dyr. Ge­ňe­şiň taý­ýar­lan mag­lu­ma­ty­na gö­rä, Hy­taý 2032-nji ýy­la çen­li dün­ýä­niň iň köp sy­ýa­hat­çy çek­ýän ýur­du­na öw­rü­ler. Sa­na­wyň ikin­ji or­nu­ny bu ýur­duň paý­tag­ty Pe­kin eýe­le­ýär. Üçün­ji ýer­de Hy­ta­ýyň port we tä­jir­çi­lik ba­bat­da ösen şä­he­ri Şan­haý eýe­le­ýär. ABŞ-nyň Ne­wa­da şta­tyn­da­ky Las We­gas şä­he­ri bä­şin­ji, meş­hur Nýu Ýork şä­he­ri al­tyn­jy or­ny eýe­läp­dir. Ýa­po­ni­ýa­nyň, Mek­si­ka­nyň we Ang­li­ýa­nyň paý­tagt­la­ry de­giş­li­lik­de no­bat­da­ky orun­la­ry eýe­läp­dir. Il­kin­ji on­lu­gy Hy­ta­ýyň se­na­gat ta­dan ösen ýe­ri bo­lan Guanç­žou jem­läp­dir.

Taň­ry­ber­di Aman­gel­di­ýew, Türk­men döw­let yk­dy­sa­dy­ýet we do­lan­dy­ryş ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.