Dün­ýä­niň iň gym­mat şä­her­le­ri

54

«Econo­mist In­tel­li­gence Unit» (EIU) mas­la­hat be­riş kom­pa­ni­ýa­sy dün­ýä­niň ýa­şa­mak üçin iň gym­mat şä­her­le­ri­niň sa­na­wy­ny taý­ýar­la­dy. «The Econo­mist» hep­de­lik žur­na­ly­na hem eýe­çi­lik ed­ýän ady­bir to­pa­ra de­giş­li bo­lan EIU-nyň sa­na­wyn­da Sin­ga­pur öň­de­li­gi eýe­le­ýär. Gü­nor­ta-gün­do­gar Azi­ýa­da­ky ada we şä­her döw­le­ti bo­lan Sin­ga­pur ha­ryt­la­ryň gym­mat­ly­gy bi­len soň­ky 11 ýyl­da 9 ge­zek bi­rin­ji bo­lup­dyr. Ikin­ji ýe­ri Şweý­sa­ri­ýa­nyň Sýu­rih şä­he­ri eýe­läp­dir. Şä­her­de ýa­şaý­şyň ba­ha­sy şweý­sar fran­ky­nyň hüm­me­ti­niň art­ma­gy ne­ti­je­sin­de gym­mat­lap­dyr.
Ber­len mag­lu­mat­da, Sin­ga­pur bi­len Sýu­rih­de ýa­şaý­şyň ba­ha­sy­nyň de­ňe­çer­di­gi mä­lim edil­di. Že­ne­wa bi­len Nýu-Ýork hem de­ňe­çer gym­mat­lyk­da­ky şä­her­ler hök­mün­de bel­le­nil­di. Mag­lu­mat­da gün­de­lik dur­muş­da giň­den peý­da­la­nyl­ýan 200-den gow­rak ha­ryt we hyz­ma­tyň ba­ha­sy mil­li pul bir­li­gin­de or­ta­ça 7,4 gö­te­rim ýo­kar­la­nyp­dyr. Bu gör­ke­zi­ji ge­çen ýyl­ky 8,1 gö­te­rim­lik ar­tyş­dan bir­ne­me az.
Sanawda Gon­kong bä­şin­ji, Los-An­je­les al­tyn­jy bo­lup­dyr. Şeý­le hem il­kin­ji on­lu­ga Pa­riž, Ko­pen­ga­gen, Tel-Awiw we San-Fran­sis­ko gi­ri­zi­lip­dir.
Ýa­şaý­şyň ba­ha­sy­nyň Azi­ýa şä­her­le­rin­de dün­ýä­niň beý­le­ki ýer­le­rin­dä­ki­den az gym­mat­lan­dy­gy bel­le­nil­di.
Sa­na­wyň aşa­ky bas­gan­ça­gyn­da, ýag­ny iň ar­zan şä­her­ler hök­mün­de Da­mask (Si­ri­ýa), Tap­ran (Pe­ru), Tri­po­li (Li­wi­ýa) we Ka­ra­çi (Pa­kis­tan) bar.

Di­dar MY­RA­DOW,
Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.