Birleşen Arap Emirlikleri we Andorra 2025-nji ýylda dünýäniň iň howpsuz ýurtlarynyň sanawynda birinji orny eýeledi. Bu barada “Numbeo” maglumat kompaniýasy habar berýär. Maglumatlara görä, şu ýyl sanawda öňdebaryjy orny eýelän ýurtlar güýçli hukuk goraýjy ulgamlary, syýasy durnuklylygy we jenaýatyň pes derejesi bilen tapawutlanýar. Ýokary ballar olary halkara maýadarlar we jahankeşdeler üçin özüne çekiji edýär.

Dünýäniň iň howpsuz 5 ýurduna BAE (85,2 bal), Andorra (84,8), Katar (84,6), Taýwan (83) we Oman (81,8) girdi. Sanawda howpsuzlyk görkezijisi 50,8 bal bolan ABŞ 91-nji orunda, 51,76 bal bilen Beýik Britaniýa 86-njy orunda durýar.

“Numbeo”-nyň howpsuzlyk boýunça indeksi, esasan, raýatlaryň öz ýurtlarynda näderejede özlerini rahat duýýandyklary baradaky pikirlerine baha berýär. Ol howpsuzlyga umumy garaýyşlary goşmak bilen dürli ölçegleri göz öňünde tutýar. Bu ýyl sanawa 146 ýurt girdi.