Dün­ýä­niň iň owa­dan ae­ro­port­la­ry

154

Ýy­gy-ýy­gy­dan iş sa­pa­ry­na, sy­ýa­ha­ta we ge­ze­len­je gid­ýän­ler ho­wa men­zil­le­rin­de köp wagt ge­çir­ýär­ler. Ae­ro­port­la­ryň ulu­ly­gy­na we iş­jeň­li­gi­ne gö­rä, ola­ryň ýo­lag­çy­la­ra hem-de myh­man­la­ra hö­dür­le­ýän hyz­mat­la­ry­nyň hi­li hem ýo­kar­lan­ýar. Ho­wa men­zil­le­ri­ne di­ňe bir ug­ra bar­ýan ýo­lag­çy­lar däl, eý­sem, uzak ara­ly­ga bar­ýan, bir uçar­dan dü­şüp, beý­le­ki­si­ne mün­ýän (üs­ta­şyr) ýo­lag­çy­lar hem bar­­ýar­lar. Şeý­le ýag­daý­­da ýo­lag­çy­lara dür­li hyz­mat­lar hö­dür­len­ýär. Ulu­ly­gy, iç­ki we daş­ky be­ze­gi, söw­da mer­kez­le­ri, res­to­ran­la­ry, gar­ba­nyş­ha­na­la­ry bi­len ta­pa­wut­lan­ýan ae­ro­port­lar ba­ra­da­ky gys­ga­ça mag­lu­ma­ty siziň dyk­ga­ty­ňy­za ýetirýäris.

Wan­ku­wer, Ka­na­da. Dür­li mil­let­le­riň ýa­şa­ýan ýe­ri bo­lan Ka­na­da­nyň Wan­ku­wer şä­he­ri­niň mer­ke­zin­den 12 ki­lo­metr uzak­lyk­da ýer­leş­ýän ho­wa men­zi­li her ýyl­da or­ta­ça 30 mil­li­on ýo­lag­ça hyz­mat ed­ýär. Bu ýer­de 56 awia­kom­pa­ni­ýa­nyň ofi­si ýer­leş­ýär. Uçar­lar Wan­ku­wer ho­wa men­zi­lin­den dün­ýä­niň 127 şä­he­ri­ne gö­ni gat­na­wy ama­la aşyr­ýar­lar. Öz­bo­luş­ly be­ze­gi bo­lan ae­ro­port­da sun­gat eser­le­ri­niň ser­gi­le­ri hem gu­ral­ýar. Ho­wa men­zi­li­n­de tö­leg­siz Wi-Fi hem-de goş sak­la­mak hyz­ma­ty hö­dür­len­ýär.

Du­ba­ýyň hal­ka­ra ae­ro­por­ty, BAE. Dün­ýä­niň iň iri sy­ýa­hat­çy­lyk mer­kez­le­ri­niň bi­ri bo­lan Du­ba­ýyň hal­ka­ra ae­ro­por­ty iň köp ýo­lag­çy­ly ho­wa men­zil­le­ri­niň bi­ri­dir. Giň­li­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýan bu ae­ro­port sal­gyt­syz dü­kan­la­ry­nyň (Du­ty Free) köp bol­ma­gy bi­len ün­si özü­ne çek­ýär. Ho­wa men­zi­li bi­na­da­ky ge­ze­lenç we yl­gaw ýo­da­la­ry, VIP sa­lon­la­ry, gar­ba­nyş­ha­na­la­ry bi­len dün­ýä­niň iň meş­hur ae­ro­port­la­ry­nyň ha­ta­ry­na gir­ýär.

Kua­la-Lum­pur hal­ka­ra ae­ro­por­ty, Ma­laý­zi­ýa. Ýur­duň paý­tag­ty Kua­la Lum­pur­dan 45 ki­lo­metr uzak­lyk­da­ky Se­pang şä­her­çe­si­niň çä­gin­de ýer­leş­ýän hal­ka­ra ae­ro­port Gü­nor­ta-Gün­do­gar Azi­ýa­nyň iň «işeň­ňir» ho­wa men­zil­le­ri­niň bi­ri­dir. Döw­re­bap bi­na­gär­li­gi bi­len ün­si özü­ne çek­ýän ho­wa men­zi­li iki bö­lüm­den yba­rat bo­lup, için­de ki­çi­räk şag­la­wuk we guş­la­ryň saý­raş­ýan ba­gy bar. Giň ae­ro­por­tyň des­ga­la­ry­nyň ara­syn­dan ot­ly gat­na­wy hem he­re­ket ed­ýär.

Pe­ki­niň hal­ka­ra ae­ro­por­ty, Hy­taý. Bu ae­ro­port her ýyl­da 78 mil­li­on ýo­lag­ça hyz­mat ed­ýär. Iň­lis bi­na­gä­ri Nor­man Fos­ter ta­ra­pyn­dan tas­la­ma­sy iş­le­nip dü­zü­len ho­wa men­zi­li owa­dan­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Gi­rel­ge­sin­dä­ki Ýer şa­ry­ny sak­lap du­ran až­dar­ha­la­ryň şe­ki­li di­ňe bir ae­ro­por­tyň däl, eý­sem, şä­he­riň hem sim­wo­ly ha­sap­lan­ýar. Bu ho­wa men­zi­lin­de dynç al­mak üçin otag­lar we su­şi res­to­ran­la­ry bar.

Şip­hol ae­ro­por­ty, Ni­der­land­lar. Ýur­duň paý­tag­tyn­dan 17 ki­lo­metr uzak­lyk­da ýer­leş­ýän ho­wa men­zi­li­niň için­de sun­gat mu­ze­ýi bar. Bu ho­wa men­zi­lin­de uçuş gi­jä ga­lan ýag­da­ýyn­da ýo­lag­çy­la­ra tö­leg­siz hyz­mat­lar edil­ýär. Şeý­le-de, bu ýer­de köp san­ly dü­kan­lar hem bar.

Mýu­nih ae­ro­por­ty, Ger­ma­ni­ýa. Şä­her mer­ke­zin­den 20 ki­lo­met­r uzak­lykda ýer­leş­ýän ae­ro­port bir­nä­çe ge­zek hal­ka­ra baý­rak­la­ra my­na­syp bol­dy. Döw­re­bap bi­na­gär­lik aý­ra­ty­nlygy bi­len ün­si özü­ne çek­ýän ho­wa men­zi­li üs­ta­şyr ýo­lag­çy­la­ryň köp düş­le­ýän ýer­le­ri­niň bi­ri­dir.

Inç­hon ae­ro­por­ty, Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy. Ady­bir şä­he­riň çä­gin­de ýer­leş­ýän ho­wa men­zi­li ýur­duň iň uly ae­ro­por­tydyr. Paý­tagt Se­ul­dan 48 ki­lo­metr uzaklyk­da ýer­leş­ýän ho­wa der­we­ze­si 700 müň ine­dör­dül metr meý­da­ny eýe­le­ýär. Aras­sa­çy­lyk ba­bat­da dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy ae­ro­por­ty bo­lan bu mer­ke­ziň bi­na­gär­li­gin­de döw­re­bap äheň bi­len bir ha­tar­da mil­li­li­gi hem gör­mek bol­ýar. Bu ýer­de ýo­lag­çy­la­ra tö­leg­siz içim­lik­ler hö­dür edil­ýär. Ter­mi­nal­la­ry­nyň ara­syn­da ot­ly gat­na­wy bo­lan bu ae­ro­port bir­nä­çe ge­zek dün­ýä­niň iň go­wy ho­wa men­zi­li diý­lip saý­lanyl­dy.


Çan­gi ae­ro­por­ty, Sin­ga­pur. Gü­nor­ta-Gün­do­gar Azi­ýa­nyň iň uly ho­wa men­zil­le­ri­niň bi­ri bo­lup, tö­leg­siz Wi-Fi bi­len bir ha­tar­da, myh­man­la­ry 600-den gow­rak in­ter­net­li komp­ýu­ter bi­len üp­jün ed­ýär. Şeý­le hem bu ýer­de söw­da mer­kez­le­ri, ki­no­teatr­lar, bam­buk to­ka­ýy, or­hi­de­ýa ba­gy, şag­la­wuk, ke­be­lek ba­gy bar. Eger-de üs­ta­şyr ug­ra bar­ýan ýo­lag­çy­lar 5 sa­gat­dan köp ga­raş­ma­ly bol­sa­lar, Sin­ga­pu­ra tö­leg­siz ge­ze­lenç hem gu­ral­ýar.

Gon­kong hal­ka­ra ae­ro­por­ty, Hytaý. Şä­he­riň ho­wa men­zi­li­niň ýo­lag­çy­la­ryň ösen is­leg­le­ri­ni ka­na­gat­lan­dyr­ma­gy üçin 1998-nji ýyl­da onuň tä­ze bi­na­sy açyl­dy. Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li her ýyl­da 60 mil­li­on­dan gow­rak ýo­lag­ça hyz­mat ed­ýär. Bu ýer­de beý­le­ki ae­ro­port­lar­da­ky hyz­mat­lar­dan ta­pa­wut­ly­lyk­da golf meý­dan­ça­sy, ki­no­teatr we tö­leg­siz «plays­ta­ti­on» oý­ny hö­dür­len­ýär.

Hit­rou ae­ro­por­ty, Ang­li­ýa. Her ýyl­da 75 mil­li­on ýo­lag­ça hyz­mat ed­ýän ho­wa men­zi­li, esa­san, Ýew­ra­zi­ýa­dan Ame­ri­ka bar­mak is­le­ýän ýo­lag­çy­la­ryň soň­ky du­ral­ga­sy ha­sap­lan­ýar. Şä­her mer­ke­zin­den 24 ki­lo­metr uzak­lyk­da ýer­leş­ýän ae­ro­port yk­ly­ma­ra uçuş­la­ryň ama­la aşy­ryl­ýan esa­sy ae­ro­port­la­ry­nyň bi­ri­dir. Ae­ro­por­tyň 5 ter­mi­na­ly­ bo­lup, ola­ryň ara­syn­da özi äkid­ýän «ýö­re­ýän ýo­da­la­r» bar.