«InsureandGo» ätiýaçlandyryş kompaniýasynyň geçiren täze ylmy barlagy, Ýaponiýanyň «Sagano Romantic Train» ugruny dünýäniň iň täsirli demirýoly diýip yglan etdi. Adamyň gözüniň hereketini yzarlaýan ýörite tehnologiýanyň kömegi bilen geçirilen bu barlagda, syýahatçylaryň haýsy manzaralara has köp we çalt üns berýändigi seljerildi. Sanawyň birinji ornunda duran ýapon otlusy Kiotodaky meşhur bambuk tokaýlyklarynyň we Hodzu derýasynyň boýy bilen geçýär. Bary-ýogy 25 minut dowam edýän bu gysga syýahat, aýratyn-da sakuranyň gülleýän we güýz paslynyň reňbe-reň günlerinde dünýäniň iň gelim-gidimli ýerine öwrülýär.
Sanawyň ilkinji bäşligine Ýewropadan üç sany ugur girmegi başardy. Ikinji orunda Alplaryň ajaýyplyklaryny açyp görkezýän, Şweýsariýa bilen Italiýany birleşdirýän «Bernina Express» durýar. Şeýle hem dünýäniň «iň haýal ekssperesi» hasaplanýan Şweýsariýanyň «Glacier Express» ugrу we «Garri Potter» filmi arkaly meşhurlyk gazanan Şotlandiýanyň «West Highland Line» ýoly iň gözel ugurlaryň hatarynda görkezildi. Şotlandiýanyň bu demir ýoly syýahatçylary «Hogwarts Express» otlusynyň geçen Glenfinnan wiadugyndan aşyryp, täsin tebigy gözellikleriň içine alyp gidýär.
Sanawyň bäşinji ornuny bolsa Taýwanyň «Alishan Forest Railway» dag demir ýoly eýeledi. Deňiz derejesinden 2000 metrden gowrak belentlige galýan bu gyzyl otly syýahatçylara üç sany dürli tebigy zolagyň we ajaýyp çaý meýdançalarynyň üsti bilen geçmäge mümkinçilik berýär. Bularyň arasynda Taýwan ugrunyň Günüň dogşuny synlamak üçin iň amatly nokatdygy, ýöne ýekeligi küýseýänlere başga wagtda syýahat etmek maslahat berilýär.