Dünýäniň sowuk şäherleriniň sanawynda Harbin, Ulan-Bator, Winnipeg, Norilsk, Ferbanks, Ýakutsk we Ýellounaýf ýaly şäherler öňdeligi eýeleýär. Russiýanyň Uzak Gündogar sebitinde, Lena derýasynyň çep kenarynda, Tuýmaada jülgesinde ýerleşýän Ýakutsk Ýer togalagynyň iň sowuk şäheri hasaplanýar. Bu şäher gyşyna 3-4 sagatlyk Gün şöhlesiniň ýalkym saçmagy bilen tapawutlanýar. 122 inedördül kilometr meýdany eýeleýän şäheriň 350 müň töweregi ilaty bolup, esasan, dag-magdan işleri bilen meşgullanýarlar. Ýakutsk nebite, altyna, göwhere we başga-da gymmatly metallara baý şäher hasaplanýar.
Russiýa Federasiýasynyň uzak gündogarynda ýerleşýän Saha Respublikasynyň paýtagty Ýakutskda gyşyna howanyň temperaturasy -50 derejä çenli sowaýar. Şäheriň howa guşaklygy kontinental bolup, iýun aýynda hem gar ýagýan wagtyna gabat gelmek bolýar. Bu şäher şeýle bir sowuk welin, -10 dereje sowuk howa şäher ýaşaýjylary üçin «yssy» hasaplanýar. Şäherde demir ýol bolman, buz ýollarda diňe awtobuslar we mikroawtobuslar hereket edýär. Sowuk şäheriň esasy ulag serişdesi paýtun bolup, ýerli ýaşaýjylar hojalyk işlerinde ata, suguna goşulan arabalardan peýdalanýarlar. Ýakutskda ýaşaýjylar azykdyr gök önümleri doňmazlygy üçin sowadyjyda goýýarlar. Şäheriň bazarynda esasy iýmit hökmünde et we balyk satylyp, oba hojalygyna degişli önümler sowuk şäherde ösdürilip ýetişdirilmeýär. Häzirki wagta çenli Ýakutskda iň sowuk howa 1891-nji ýylda hasaba alyndy. Şonda howanyň temperaturasy -65 derejä çenli sowapdyr.
PDF









