Saud Arabystany nobatdakt mega-taslamasyny yglan etdi. Patyşalyk 92 müň orunlyk stadion gurmakçy. Dünýäniň iň uly sport desgalarynyň biri boljak Patyşa Salmanyň adyny göterer. Gurluşygy 2029-njy ýylyň dördünji çärýeginde tamamlanjak bu stadionda 2034-nji ýylda futbol boýunça Dünýä çempionatynyň oýunlaryny guramak meýilleşdirilýär. Stadionyň meýdany 660 müň inedördül metrden geçer. Tomaşaçylaryň oýna tomaşa etmek üçin oňaýly bolar ýaly ýörite sowadyjy ulgam bilen üpjün ediler.
PDF









