2006-njy ýylda esaslandyrylan Hytaýyň “MingYang Smart Energy” kompaniýasy dünýädäki iň uly ýel turbinasyny gurjakdygyny mälim etdi. “MySE 16.0-242” atly äpet desga 25 ýyllap elektrik energiýasyny öndürer. Boýy 242 metr bolan ýel turbinasynyň beýikligi 80 gatly binanyňda barabar bolar. Ýakyn ýyllarda hyzmata hödürlenjek turbina 20 müň öýüň elektrik energiýasyny özbaşdak öndürer. Turbinanyň hersiniň uzynlygy 118 metr bolan üç peri bolar. Ol her ýylda 80 GWt energiýa öndürer. Deňizde guruljak ýel turbinasy energiýa önümçiligini ep-esli azaldar we gysga wagtyň içinde çykdajylaryny amortizasiýa eder. Häzirki şertlerde Gün panelleri bilen elektrik öndürmegiň bahasy megawat/sagady üçin 33 dollar, deňiz ýelinden elektrik öndürmegiň bahasy bolsa megawat/sagatda 121 dollardyr. “MySE 16.0-242” ýaly täsirli ýel turbinalarynyň ýerleşdirilmegi 2050-nji ýyla çenli deňizde öwüsýän ýelden elektrik öndürmek üçin edilýän çykdajylary 37 göterimden 49 göterime çenli azaldar. “MingYang Smart Energy” äpet ýel turbinasynyň deňiz düýbüne gurnalyp ýa-da ýüzýän platforma ýerleşdirilip bilinjekdigini mälim etdi. Söwda maksatly energiýa önümçiligi 2024-nji ýylda başlanar. Turbinanyň ilkinji nusgasynyň 2022-nji ýylda taýýar ediljekdigi we synag önümçiliginiň başlanjakdygy bellenilýär.