Russiýaly ozalky basketbolçy, NBA-nyň oýunçysy Pawel Podkolzin häzirki wagtda sportuň başga bir görnüşi bilen professional derejede gümra bolýar. 40 ýaşyndaky türgen futbolçylyga baş goşup, ol Moskwanyň “Amkal” toparynda çykyş edýär. Boýy 2,26 metre deň bolan Podkolzin häzirki wagtda iň uzyn futbolçy hasaplanýar. “Amkal” topary 104 klubuň gatnaşýan Russiýanyň Kubogy ýaryşynda 1-nji tapgyrda “Kwant” (Obninsk) toparyndan 3-1, 2-nji tapgyrda-da “Kaluga” toparyndan 1-0 hasabynda üstün çykdy. Podkolzin toparyň 2-nji duşuşygynda esasy düzümde oýnap, 19 minut meýdançada galdy. Ol 54-nji belgili köýnekçede oýnady. Amkal topary 3-nji tapgyrda sentýabr aýynda “Salýut” (Belgorod) topary bilen duşuşar.

Basketbolçylyk karýerasy boýunça Russiýada “Sibirtelekom-Lokmotiw”, “Nowosibirsk”, “Sahalin”, “Uniwersitet-Ýugra”, az wagtlyk hem bolsa Italiýada “Wareze” şol sanda NBA-da sanlyja duşuşykda “Dallas Maweriks” ýaly klublarda oýnady.