Finlýandiýanyň paýtagty Helsinkide uzynlygy 1191 metr bolan “Kruunuwuorensilta” pyýada köprüsi açyldy. Finlýandiýadaky iň uzyn we iň belent köpri bolan bu köpri Korkeasaari we Kruunuwuorenranta etraplaryny birleşdirýär. Köpri Kruunuwuorenranta etrabyndan şäheriň merkezine çenli bolan aralygy 11 kilometrden 5,5 kilometre çenli gysgaldar. Täze açylan desga awtoulaglar üçin däl-de, diňe pyýadalar, welosipedçiler we jemgyýetçilik ulaglary üçin niýetlenendir. Bu ajaýyp köpri Helsinkiniň täze we özboluşly ýeri bolup, geljekde ýakyn we uzak ýerlerden gelýän myhmanlary özüne çeker. Täze köpri biziň Helsinki baradaky düşünjämizi düýbünden üýtgedýär diýip, şäheriň häkimi Daniýel Sazonow belleýär.

Mährem BABAMYRADOWA,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyby,
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.