Awstriýanyň Kubogy ýaryşynda LASK topary ýeňiji boldy. Lins şäheriniň wekili finalda “Reindorf Altah” toparyny goşmaça wagtda 4-2 (Usor 11, Adeniran 66, 104, Bello 101 – Greil 5, Demaku 29) hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Şeýlelikde, LASK topary 61 ýyldan soň 2-nji gezek ýurduň kubogyna mynasyp boldy. LASK topary soňky gezek 1964/65 möwsüminde Awstriýanyň “Bundesligasynyň” çempionlygy bilen ýurduň kubogyny hem gazanypdy. LASK topary şondan bäri ýokary ligada hem-de kubok ýaryşynda ýeňiji bolmandy.

Polşanyň kubok ýaryşynda “Gurnik Zabže” topary ýeňiş gazandy. “Gurnik Zabže” topary finalda “Rakuw Çenstohowa” toparyny Massimo (32) hem-de Maksim Klanyň (65) gollary esasynda 2-0 hasabynda utdy. Bu olaryň kubok ýaryşynda 54 ýyldan soň gazanan 7-nji ýeňşi bolup, zabželiler Polşanyň Kubogyny    1968-1972-nji ýyllar aralygynda yzly-yzyna 5 gezek eýeläpdiler. Umumylykda bolsa “Gurnik Zabže” topary 1988-nji ýyldan soň ilkinji kubogyny asman göterdi. Polşany çempionatynda 14 gezek ýeňiji bolan “Gurnik Zabže” soöky sapar 38 ýyl çempionlyk gazanypdy.

Gresiýada bolsa OFI topary finalda PAOK toparyny 3-2 hasabynda ýeňip, 39 ýyldan soň 2-nji gezek ýurduň kubogyny asmana göterdi.