Londondaky Patyşalyk Botanika bagynda dünýäniň iň ýakymsyz ysly güli hasaplanýan “titan arum” bilen seýrek açylýan “aristolochia goldiena” birwagtda gülledi. Bagyň administrasiýasy ýiti himiki ysy bolan “aristolochia goldiena” ösümliginiň bagyň taryhynda üçünji gezek gül açýandygyny mälim etdi. Boýy 3 metre ýetýän gül 48 sagat töweregi wagtda ýapylýar. Bu gül ilkinji gezek 1990-njy ýylda, ikinji gezek 2023-nji ýylda gülläpdir.
1889-njy ýylda bagda oturdylan “titan arum” bolsa, ilkinji gezek 1926-njy ýylda gül açypdy.

Soňky gezek bolsa, 2021-nji ýylda gül açypdy. Adatça bu ösümlik 12 ýylda bir gezek gülleýär. Sebäbi ösümlik gül açmak üçin köp mukdarda iýmit toplamaly bolýar. Emma bu gezek bolsa, 5 ýyldan soň gaýtadan gülläpdir. Şeýlelikde bu iki ösümlik bir wagtda gül açdy.