Dünýäniň uly ýel turbinasyny gurar

140

“Ge­ne­ral Electric” (GE) kom­pa­ni­ýa­sy önüm­çi­lik kuw­wa­ty 17-18 me­ga­wat (MW) bol­jak “Ha­lia­de-X” at­ly su­wüs­ti ýel be­ke­di­ni iş­läp taý­ýar­lan­dyk­la­ry­ny mä­lim et­di. teh­no­lo­gi­ýa­nyň ös­me­gi bi­len has ne­ti­je­li, kuw­wat­ly ýel be­ket­le­ri gu­rul­ýar.
Şu ýy­lyň ýan­wa­ryn­da Hy­ta­ýyň “CSSC Ha­iz­huang” kom­pa­ni­ýa­sy önüm­çi­lik kuw­wa­ty 18 MW bo­lan su­wüs­ti ýel tur­bi­na­sy­nyň nus­ga­sy­nyň esa­sy bö­le­gi­ni ta­nyş­dy­ryp­dy. Bu tur­bi­na­nyň pe­ri­niň dia­met­ri­niň 260 met­re ba­ra­bar, her bir pe­ri­niň uzyn­ly­gy­nyň 128 metr bol­jak­dy­gy mä­lim edi­lip­di.
GE bol­sa, ge­çen ýy­lyň de­kab­ryn­da önüm­çi­lik kuw­wa­ty 12 MW-dan ýo­ka­ry bo­lan “Ha­lia­de-X” mo­de­li­ni ta­nyş­dy­ryp­dy. Kom­pa­ni­ýa bu mo­del üçin dün­ýä­niň iň uly ga­raş­syz ser­ti­fi­kat­laş­dy­ry­jy kom­pa­ni­ýa­sy bo­lan DNV-den 14,7 MW-a çen­li önüm­çi­lik üçin de­giş­li şa­ha­dat­na­ma­ny alyp­dy. “Ha­lia­de-X” hä­zir­ki wagt­da GE-niň iň kuw­wat­ly ýel tur­bi­na­sy bol­ma­gyn­da gal­ýar
In­di bol­sa kom­pa­ni­ýa bu tur­bi­na­nyň has kuw­wat­ly gör­nü­şi­ni ön­dür­me­giň ala­da­sy­ny ed­ýär.

Ys­lam­ber­di Tyl­la­nu­row, Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­tu­nyň uly mu­gal­lyy­my.