Russiýanyň NTW teleýaýlymy we “Soýuzmultfilm” kinostudiýasy “Dur, bakaly!” atly meşhur multiserialyň äheňinde doly göwrümli çeper filmi döretmek üçin ylalaşyk baglaşdylar. Bu ylalaşyk Sank-Peterburg halkara ykdysady forumynda amala aşyryldy. Filmiň mawy ekranlara 2028-nji ýylda çykmagyna garaşylýar. Filmiň önümçiligi bilen “Temp” kinokompaniýasy meşgullanar. Aslynda bu “Dur, bakaly!” diňe bir multfilm bolman, ýurduň medeni mirasynyň aýratyn bölegi hasaplanylýar diýip, NTW teleýaýlymynyň baş prodýuseri Timur Waýnşteýn belleýär. Ol Möjek we Towşan baradaky çeper filmiň Sowet animasiýasynyň gaýtadan goýberilmeginde öz ornuny eýelejekdigine ynanýar. Täze filmiň surata düşüriliş işleriniň ýakyn ýyllarda başlanmagyna garaşylýar.
Ýeri gelende bellesek, bu multiserialyň ilkinji bölümleri 1969-njy ýylda tomaşaçylar köpçüligine ýetirilipdi. 2021-nji ýylda bolsa onuň täzelenen taslamasy çykan hem bolsa, bu o diýen meşhur bolmady.
Mährem BABAMYRADOWA, Hojambaz etrap häkimliginiň Zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.