E-sport on­laýn ge­çi­ril­ýän wir­tu­al oýun bo­lup, to­ma­şa­çy­nyň (oý­na gat­na­şy­jy) do­lan­dy­ry­jy­lyk ba­şar­nyk­la­ry esa­syn­da ýa­ryş­lar gu­ral­ýar. Ha­ky­ky pro­fes­sio­nal sport oýun­la­ry­nyň ama­ly gör­nü­şi bo­lan E-sport komp­ýu­te­riň gar­şy­syn­da hö­wes bil­dir­ýän spor­tu­ňy saý­la­mak esa­syn­da al­nyp ba­ryl­ýar. Wi­deo oýun­la­ry ar­ka­ly gu­ral­ýan spor­tuň bu döw­re­bap gör­nü­şi 1990-njy ýyl­lar­da dö­re­ýär. 10 ýy­lyň do­wa­myn­da kä­mil­leş­di­ri­lip, bü­tin dün­ýä­de, esa­san hem, ýet­gin­jek­le­riň ara­syn­da has-da meş­hur­ly­gy ar­typ baş­la­ýar. Bu oý­ny fi­zi­ki taý­dan özü­ňe ag­ram sal­maz­dan, öý­den çyk­man komp­ýu­te­riň ba­şyn­da ýa-da öý­jük­li te­le­fon­da oý­nap bol­ýar. Şeý­le hem wi­deo ýaz­gy­la­ry yzar­lap, oýun­çy­la­ryň kar­ýe­ra­sy we tak­ti­ki aý­ra­tyn­lyk­la­ry bi­len ýa­kyn­dan tan­şyp, ha­ky­ky sport bi­len meş­gul­lan­mak üçin il­kin­ji tä­lim­le­ri alyp bol­ýar.
Ada­ty sport­da bol­şy ýa­ly, E-sport oýun­la­ry hem li­ga ýa­ryş­la­ry­na we ada­ty ýa­ryş­la­ra bö­lün­ýär. Bu oý­na gat­naş­ýan­lar komp­ýu­ter­de tür­gen­leş­mek esa­syn­da do­lan­dy­ry­jy­lyk en­dik­le­ri­ni ös­dür­ýär­ler. E-sport ýa­ryş­la­ry iki ýa-da köp to­pa­ryň ara­syn­da ge­çi­ril­ýär. Wir­tu­al oýun­la­ra er­kek we ze­nan oýun­çy­lar gat­na­şyp bil­ýär­ler.
E-sport oýun­la­ry­nyň ge­ri­mi soň­ky ýyl­lar­da şeý­le bir gi­ňe­di we­lin, hat­da gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mek üçin uly-uly komp­ýu­ter meý­dan­ça­la­ry bar. Kä­bir ýurt­da E-sport klub­la­ry bo­lup, is­leg bil­dir­ýän ýaş hö­wes­jeň­le­re tä­lim ber­mek üçin ýö­ri­te iş orun­la­ry hem dö­re­di­lip­dir. Esa­san, Ýew­ro­pa ýurt­la­ryn­da meş­hur bo­lan bu oýun­lar üçin 2016-njy ýyl­da «eS­port» plat­for­ma­sy iş­le­nip dü­zül­ýär. «Turt­le En­ter­ta­in­ment», «Ma­jor Lea­gue Ga­mes» (MLG) we «Dream­hack» ýa­ly bir­nä­çe E-sport ope­ra­tor­la­ry hem-de TSM, «Clo­ud9», «Fa­Ze Clan», «Te­am Liquid» ýa­ly sport gu­ra­ma­la­ry bar. Hä­zir­ki wagt­da E-sport ýa­ryş­la­ry­nyň 550 mil­li­on­dan gow­rak jan­kö­ýe­ri bar. E-sport dün­ýä­niň köp bö­le­gin­de çalt ös­ýän gir­de­ji­li pu­dak­la­ry­ň bi­ri­dir. Ýyl­lyk gir­de­ji­si 1,5 mil­liard dol­lar bo­lan E-sport oýun­la­ryn­da ýe­ňi­ji bo­lan to­pa­ra ýa-da oýun­ça göç­me ku­bok, pul baý­ra­gy we gym­mat ­ba­ha­ly sow­gat­lar be­ril­ýär.
Teh­no­lo­gi­ýa­nyň ös­me­gi bi­len ýy­lyň-ýy­ly­na has-da kä­mil we ulan­ma­ga oňaý­ly E-sport en­jam­la­ry hem-de prog­ram­ma­lar ön­dü­ril­ýär. Bu ugur­da Hy­taý dün­ýä­de öň­de­li­gi eýe­le­ýär. E-sport­da­ky iň go­wy prog­ram­ma­la­ryň ha­ta­ryn­da DO­TA, «Wa­lor Are­na», «Playe­rUnk­nown», «Fort­ni­te», «Coun­ter-Stri­ke» we «El­den Ring» ýa­ly oýun­la­ry gör­kez­mek bo­lar.
Gü­nüň do­wa­myn­da E-sport oýun­la­ry üçin köp wag­ty­ňy sarp et­mek, ýag­ny bir­nä­çe sa­gat­lap komp­ýu­te­riň ba­şyn­da otur­mak sag­ly­ga oňaý­syz tä­si­ri­ni ýe­ti­rip bi­ler. Komp­ýu­te­riň şöh­le­si, gu­lak­lyk­dan gel­ýän ses­ler, dart­gyn­ly pur­sat­lar – bu­la­ryň yzy­gi­der­li do­wam et­me­gi be­de­niň myş­sa­la­ry­nyň gow­şa­ma­gy­na, esa­san hem, gö­züň ýa­da­ma­gy­na we gör­şüň pe­sel­me­gi­ne se­bäp bol­ma­gy müm­kin. Şol se­bäp­li E-sport oýun­la­ry­ny gün ter­ti­bi esa­syn­da oý­na­mak mas­la­hat be­ril­ýär.