5-nji dekabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynyň kiçi mejlisler zalynda döredijilik bilen meşgullanýan talyp ýaşlaryň arasynda yglan edilen “Edebiýat – dost doganlyk köprüsi” atly döredijilik bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Bu bäsleşik Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli “Zaman-Türkmenistan” gazetiniň redaksiýasy bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirildi.
Dabarany Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri Gurbanmyrat Muhammedow açdy. Ol öz çykyşynda talyp ýaşlary gazanan üstünlikleri bilen tüýs ýürekden gutlap, ýetip gelýän Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy bilen baglylykda uly buýsanç duýgusyny beýan etdi. Şeýle-de, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlara nusgalyk ýol-ýörelge bolup durýan eserleriniň ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň berdi.
Dabaranyň dowamynda “Zaman-Türkmenistan” gazetiniň baş redaktory Myratdurdy Garjanow hem-de gazetiň edebiýat bölüminiň jogapkär kätibi Ýegenmämmet Taýlyýew, baýraga mynasyp bolan talyp ýaşlar çykyş etdiler. Olar geçirilen bäsleşigiň jemini jemläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda türkmen edebiýatynyň şu güni we ertiri, şeýle-de daşary ýurt edebiýatynyň ähmiýeti barada täsirli çykyşlaryny beýan etdiler. Olaryň çykyşlary talyp ýaşlar tarapyndan el çarpyşmalar bilen garşylandy.
Dabaranyň dowamynda döredijilik bäsleşigine gatnaşyjylary sylaglamak dabarasy geçirilip, olara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Ýeňijiler dünýä edebiýatynyň naýbaşy eserlerinden eden terjimeleri üçin baýrakly orunlara mynasyp boldular.
Baş baýrak Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rus dili we edebiýaty fakultetiniň, terjime we terjimeçilik işi hünäriniň 1-nji ýyl talyby Annadursun Annalyýewa rus ýazyjysy Anatoliý Aleksiniň “Iň bagtly günüm” atly hekaýasy üçin berildi.
1-nji orun Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň žurnalistika hünäriniň 2-nji ýyl talyby Toýly Babaýewe rus ýazyjysy Anton Pawlowiç Çehowyň “Wanýajyk” atly hekaýasy üçin berildi.
2-nji orunlar Türkmen döwlet medeniýet institutynyň dramaturgiýa taýýarlygy ugrunyň 4-nji ýyl talyby Käbe Sarenko amerikan ýazyjysy Mark Tweniň “Meniň sagadym” atly hekaýasy, şeýle-de Lebap welaýatynyň ýörite sungat mekdebiniň “Aýdym aýtmak sungaty” bölüminiň 4-nji ýyl talyby Selbi Imamowa rus ýazyjysy Aleksandr Stepanowiç Griniň “Ýaşyl çyra” atly hekaýasy üçin berildi.
3-nji orunlar bolsa, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň 1-nji ýyl talyby Haknazar Annamyradowa özbek ýazyjysy Ulugbek Mustafonyň “Begenç ýaşlary” atly hekaýasy, Türkmenistanyň Telekomunikasiýa we Informatika Institutynyň sanly ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň talyby Ybraýym Kuwwatowa rus ýazyjysy Walentina Oseýewanyň “Jadyly söz” atly hekaýasy, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetiniň taryh hünäriniň 4-nji ýyl talyby Zyýada Ýusubowa amerikan ýazyjysy O.Genriniň “Oktýabr we iýun” atly hekaýasy üçin berildi.
Şonuň ýaly-da, üç sany talyp höweslendiriji baýraklara mynasyp boldular.
“Bu baýrak meniň üçin döredijilik ykbalymyň täze sahypasyny açýar. Ol gazanylan üstünlikden has köp zat – ol meniň geljekki edebi işlerime hem-de hünär ugrymda has kämil bolmaga ruhlandyrýan, ylhama ýugrulan jogapkärçilikdir” dýip, Baş baýragyň eýesi Annadursun Annalyýewa aýtdy.
Bu dabaralar türkmen talyplarynyň edebiýata we halkara medeniýetlere bolan gyzyklanmasynyň ýokarlanýandygyny görkezdi.
PDF









