Ekwadoryň Milli saýlaw geňeşi ýurduň häzirki Prezidenti Daniel Noboanyň Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda ýeňiş gazanandygyny habar berdi.
-Biz Ekwadoryň halkyna sesleriň 90 göterimi sanalandan soň, Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynyň netijelerinde yzyna dolanyp bolmajak tendensiýanyň ýüze çykandygyny habar berýäris. Ýurduň Milli saýlaw geňeşi Milli demokratik hereketiň dalaşgärleri Daniel Noboany hem-de Mariýa Hose Pintony ýeňiji hasaplaýar – diýip, saýlaw geňeşiniň başlygy Diana Atamaint metbugat maslahatynda aýtdy.
Onuň sözlerine görä, sesleriň sany “halkyň isleginiň takyk beýanydyr”. Ondan öň Noboanyň saýlawdaky bäsdeşi Luisa Gonsales ýeňilendigini boýun almakdan ýüz öwürdi we sesleriň gaýtadan sanamaga çagyryş etdi.
Ekwadoryň Milli saýlaw geňeşi tarapyndan sesleriň 92,64 göterimi sanalandan soň, Noboanyň saýlawçylaryň 55,88% sesine, Gonsalesiň bolsa, 44,12 göterim sesine eýe bolandygyny habar berdi. Saýlanan Prezidentiň kasam kabul edişlik dabarasy 24-nji maýda meýilleşdirilýär.
9-njy fewralda geçirilen Prezident saýlawlarynyň birinji tapgyry deňme-deň ýagdaýda tamamlanypdy. Şonda ýurduň häzirki Prezidenti Daniel Noboa hem-de onuň esasy bäsdeşi Luisa Gonsales sesleriň deň göterimine eýe bolupdylar. Milli saýlaw geňeşi muny “tehniki deňlik” diýip atlandyrdy. Ýeňiş gazanmak üçin Döwlet Baştutany wezipesine dalaşgäriň sesleriň absalýut köplügini ýa-da azyndan 40 göterimini almaly. Ýöne onuň iň ýakyn bäsdeşinden, azyndan, 10 göterim öňdeligi eýelemegi esasy şertleriň biri bolup durýar.
18 milliondan gowrak ilatly Ekwador Respublikasy Günorta Amerikanyň demirgazyk-günbataryndaky ýurt. Günbatarda Ekwador Ýuwaş ummany bilen ýuwulýar, demirgazykda Kolumbiýa, gündogarda we günortada Peru bilen serhetleşýär. Ekwadoryň düzümine Galapagos adalary hem girýär.