Ispaniýanyň Super Kubogy ýaryşynyň finalynda, “El Klasikoda” “Barselonadan” 3-2 hasabynda asgyn gelen “Real Madrid” toparynda tälimçi Habi Alonsonyň wezipesinden boşadylandygy habar berildi.
Topar tarapyndan berlen beýanatda ýaş tälimçä klubuň çäginde bitiren hyzmatlary üçin köp sagbolsun aýdylýar, şol sanda, mundan soňky durmuşynda we işinde uly üstünlikler arzuw edilýär.
Geçen tomsuň ilkinji gününde “Real Madridiň” tälimçiligine bellenen 44 ýaşyndaky Alonso ispan toparynyň düzüminde 34 oýunda 24 ýeňiş gazandy, 6 oýunda utulyp, 4 duşuşyk deňlikde tamamlandy.
“Real Madrid” çempionatda 45 utuk bilen “Barselonadan” 4 utuk yzda 2-nji ýerde barýar.
Habi Alonso 2019-njy ýylyň iýunynda tälimçilige başlap, 2022-nji ýylyň iýunyna çenli “Real Sosiedadyň” B toparyna tälim berdi. 2022-nji ýylyň oktýabrynda-da Germaniýada Lewerkuzeniň “Baýer” toparynyň tälimçiligine bellenen Alonso bu kluba taryhy çempionlyk gazandyrdy. “Bundesligada” ýeňlişsiz çempionlygyň üstüni Germaniýanyň Kubogynyň ýeňşi bilen ýetirip, Germaniýanyň Super Kubogyny hem gazandy. “Baýer” onuň tälimçiliginde UEFA Ýewropa Ligasynda-da finala çykdy.
“Real Madrid” toparyna Habi Alonsonyň ornuna maý aýyndan bäri klubuň B toparyny türgenleşdirip gelýän Alwaro Arbeloanyň tälim berjekdigi mälim edildi.

42 ýaşyndaky Arbeloa professional futbol karýerasyna “Real Madridde” başlap, bu toparyň esasy düzüminde 2004-nji ýylda hem-de 2009-2016-njy ýyllar aralygynda oýnapdy. Ol Habi Alonso bilen bilelikde “Realyň” köýnekçesini geýipdi.
PDF









