Esaslandyrylanyna 75 ýyla golaý wagt geçen “Abarth” kompaniýasy ilkinji elektroulagyny çykarýar. 1949-njy ýylda esaslandyrylan kompaniýa köp ýyllaryň dowamynda “Fiat” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk edip kuwwatly ulaglary öndürdi. 70-nji ýyllaryň başynda şol toparyň düzümine girdi. Kompaniýa “Fiat”-yň kiçi göwrümli meşhur ulagy 500-iň elektrik energiýasy bilen işleýän görnüşini taýýarlady. “Abarth 500e” atly ulag adaty “Fiat 500e”-den has güýçli. “Fiat 500e”-niň kuwwaty 117 ag güýjüne barabar. “Abarth 500e”-iň kuwwaty 155 at güýjüne barabar. 0-dan 100 km/sagat tizlige 7 sekuntda ýetýär. Ulaga kuwwaty 42 kW/sagat bolan batareýa oturdylypdyr. Çaltlandyrylan görnüşde zarýad berlende 35 minutda 80 göterim dolýar. Örän gyssagly bir ýere gidilmeli bolsa, 5 minutda 40 kilometre ýeter ýaly zarýad berip bolýar. Şäher içinde sürmäge niýetlenen adaty “Fiat 500e”-ler ir gezekki zarýady bilen 320 kilometr ýol geçip bilýärler. Emma entek “Abarth 500e”-iň zarýady näçe kilometr ýol geçip biljekdigi mälim edilmedi. Şeýle hem bu ulagda adaty ulagyň sesini çykarýan emeli ses gataldyjy goýlupdyr. Şeýlelikde tehniki aýratynlygyny bilmeýän adam onuň sesini diňläninde adaty ýangyçly ulagdygyny pikir edýär. Mundan başga-da bu ses ýoly kesip geçýän pyýadalar üçin hem duýduryjy bolup hyzmat edýär.
Ýakyn geljekde köp şäherde adaty ýangyçly ulaglaryň satuwynyň ýa-da sürülmeginiň çäklendiriljekdigi sebäpli kompaniýalar elektroulag önümçiligini artdyrýarlar. Bu bolsa kompaniýalary girdejisini artdyrýar.
Güljan Guwanjowa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby
PDF









