Hytaýda elektroulaglar üçin öndürilen litiý-ion batareýalaryň umumy mukdary geçen ýyl görnetin artypdyr. Ozalky ýyl bilen deňeşdirilende öndürilen batareýalaryň zarýad saklaýyş mümkinçiligi 130,2 göterim ýokary bolupdyr. Ýurduň Awtoulag batareýasy innowasiýa bileleşiginiň maglumatlaryna görä, “täze energiýa ulagy” (NEV) diýlip atlandyrylýan zarýad berip bolýan batareýaly, gibrid we wodorod ýangyçly elektroulaglar üçin jemi 183,8 gigawat/sagat mümkinçiligi bolan batareýa önümçiligi amala aşyrylypdyr.
Elektroulag batareýalary umumy litiý-ion batareýalarynyň 62,4 göterimini emele getiripdir.
Maglumata görä, täze energiýaly ulaglaryň önümçiligi bolsa, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 96,9 göterim, satuwy 93,4 göterim, eksporty 120,2 göterim ýokarlanypdyr.
Didar Nuryýew, Ýagygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby
PDF









