Ýo­ka­ry de­re­je­li elekt­rou­lag­la­ry, şeý­le hem ýa­şa­ýyş jaý­la­ry üçin Gün pa­nel­le­ri­niň önüm­çi­li­gi bi­len ady­gan “Tes­la” kom­pa­ni­ýa­sy ener­gi­ýa be­ri­ji en­jam­la­ry bi­len hem öň­de­li­gi eýe­le­ýär. Ýa­kyn­da kom­pa­ni­ýa tä­ze Gün in­wer­to­ry­ny aly­jy­la­ra hö­dür­le­di. Kom­pa­ni­ýa­nyň tä­ze en­ja­my­nyň onuň bu ugur­da­ky bäs­deş­le­ri bo­lan “Enp­ha­se” we “So­la­rEd­ge” kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň in­wer­tor çöz­güt­le­rin­den has ar­zan­dy­gy bel­le­nil­ýär. Kom­pa­ni­ýa il­kin­ji in­wer­to­ry­ny 2021-nji ýyl­da sa­tu­wa çy­ka­ryp­dy. Bu en­jam üçe­ge ýer­leş­di­ri­len Gün pa­ne­li­niň ön­dü­ren ener­gi­ýa­sy­ny sak­lap, ze­rur bo­lan wag­ty öý ýa-da elekt­rou­la­ga zar­ýad ber­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rip, aras­sa ener­gi­ýa ekoul­ga­my­ny dö­red­ýär. Soň­ky bir­nä­çe ýy­lyň do­wa­myn­da bol­sa, kom­pa­ni­ýa in­wer­ter önüm­çi­li­gi­ni has-da art­dy­ryp baş­la­dy. Bu ul­gam ar­ka­ly ula­ny­jy äh­li öý ener­gi­ýa ul­ga­my­na gö­zeg­çi­lik et­mek we do­lan­dyr­mak üçin ýe­ke­je prog­ram­ma­dan peý­da­lan­ýar. Tä­ze in­wer­tor en­ja­my­ny do­lan­dyr­mak üçin taý­ýar­la­nan prog­ram­ma ar­ka­ly bol­sa, oňa de­giş­li dür­li en­jam­la­ryň ka­da­ly iş­le­ýän­di­gi­ni bir ýer­den anyk­lap bol­ýar. Bu bol­sa, müş­de­ri­niň wag­ty­ny we ener­gi­ýa­ny tyg­şyt­la­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär. Tä­ze aý­ra­tyn­lyk­lar iş­le­nip dü­zü­len­de, müş­de­ri­le­riň öý ener­gi­ýa ul­ga­my­nyň äh­li müm­kin­çi­lik­le­ri­ni açyp bil­jek­di­gi “Tes­la” prog­ram­ma­syn­da aw­to­ma­tik usul­da el­ýe­ter­li edil­ýär. Kom­pa­ni­ýa tä­ze prog­ram­ma­ny dö­ret­mek üçin “Po­wer­wall” şe­re­ke­ti bi­len hyz­mat­daş­lyk ed­ýär.

La­çyn Ata­ko­wa, Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ener­ge­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.