“Hyundai Motor” kompaniýasy täze maýa goýum taslamalary barada maglumat berdi. Koreý brendi 2030-njy ýyla çenli elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglaryň önümçiliginde dünýäde ilkinji üçlüge girmegi meýilleşdirýär. Kompaniýa onýyllygyň ahyryna çenli öz ata watanynda ýyllyk elektroulag önümçiligini 1,51 milliona, global satuwyny 3,64 milliona ýetirmegi maksat edinýär. “Hyundai” elektroulag ekoulgamyny we global awtoulag senagatyny ösdürjek täze innowasiýalara hem goşant goşýar. Ýerli önüm öndürijilere, nou-hou merkezlerine we elektroulag bilen bagly senagata goldaw berýän “Hyundai” üpjünçilik zynjyrynyň ösmegine hem goşant goşýarlar.
Häzirki wagtda kompaniýa elektroulag önümçiligini artdyrmak üçin täze zawodlary gurýar, hereket edýän zawodlarynyň önümçilik kuwwatyny artdyrýar.
Kompaniýa elektroulaglaryň bir gezekki zarýady bilen has uzak aralygy geçip bilmekleri üçin tehnologiýa kompaniýalary bilen hem hyzmatdaşlyk edýär.
Koreý brendi täze iş orunlaryny döretmek isleýän şereketlere maslahat beriş hyzmatyny hödürlär.
Mekan Durdyýew, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.
PDF









