Geçen ýyl dünýäde elektroulag satuwy 20,7 million birlige deň bolup, rekord derejä ýetdi. Londondaky «Benchmark Mineral Intelligence» atly maslahat beriş kompaniýasy 2025-nji ýylda elektroulag satuwynyň 20 göterim ýokarlanandygyny mälim etdi. Elektroulaglaryň has köp bölegi Hytaýda satyn alnypdyr. Bu ýurtda 12,9 million töweregi elektroulag satylypdyr. Geçen ýyl Ýewropa bazarynda ýerlenen elektroulaglaryň 19 göterimi hytaýly brendlere degişli bolupdyr. Bu sebitde elektroulag satuwy 33 göterim ýokarlanypdyr. ABŞ, Kanada we Meksika döwletlerini öz içine alýan Demirgazyk Amerikada geçen ýylyň dowamynda 1,8 million elektroulag ýerlenipdir.
Dünýäniň beýleki ýerlerinde elektroulag satuwy 48 göterim artyp, 1,7 million bolupdyr.
Nurjahan Rejepmuradowa,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.
PDF









