Batareýaly elektroulaglaryň satuwy soňky ýyllarda görnetin artýar. Geçen ýylyň dowamynda global bazarda elektroulag satuwy 70 göterim artypdyr. Bu ugurda ABŞ öňdeligi eýeleýär. Hytaý we Ýewropa sebiti bu ugurda öňdeligi eýeleýän bazarlar hasaplanýar. ABŞ-da elektroulag satuwy ozalky ýyla garanyňda 88 göterim artypdyr. Bu ösüşiň hasaba alynmagynda önüm öndürijileriň täze we özüne çekiji modellere maýa goýum goýbermekleriniň, döwletiň berýän goldawynyň we ýaýran zarýad ulgamynyň täsiri bolupdyr. ABŞ-daky elektroulag satuwy ýylyň soňky çärýeginde 92 göterim artyp, ozaky ýyldakynyň iki essesine barabar bolupdyr.
Elektroulag satuwynyň artyşy boýunça Hytaý ikinji ýerde durýar. Bu ugurda iň uly bazar hasaplanýan ýurtda geçen ýylyň elektroulag satuwy 85 göterim köpelipdir. Batareýaly, zarýad berip bolýan gibrid we gibrid ulaglaryň satuwy bolsa, ozalky ýyldakydan 87 göterim ýokary bolupdyr. Üçünji ýeri Ýewropa Bileleşigi eýeleýär. Sebitde Fransiýa, Germaniýa, Italiýa, Ispaniýa we Angliýa döwletlerinde elektroulag satuwynda ozalky ýyl bilen deňeşdirilende 28 göterimlik ösüş gazanylypdyr.
Arslan Beggaýew, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby.
PDF









