Elektroulag satuwy artdy

24

“Benchmark Mineral Intelligence” atly iňlis maslahat beriş kompaniýasynyň maglumatyna görä, dünýäde geçen aý jemi 1,75 million elektroulag satylypdyr. Geçen aýdaky satuw geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 3%, ozalky aý bilen deňeşdirilende, 66% ýokary bolupdyr.
Ýewropada mart aýynda 540 müňe golaý täze elektroulag satylypdyr. Bu görkeziji sbit üçin rekord hasaplanýar. Munda döredilen ýeňillikleriň hem täsiri uly bolupdyr. Bu görkeziji ozalky aýdakydan 72% köp diýmegi aňladýar. Ýyllyk ösüş bolsa, 37% artyk bolupdyr. Angliýa, Belgiýa, Finlýandiýa, Fransiýa, Italiýa, Portugaliýa we Ispaniýa rekord derejede elektroulag satylan ýurtlar bolupdyr.
Muňa garamazdan, ýylyň birinji çärýeginde elektroulag satuwy 3% azalyp, 4 million bolupdyr. Bu döwürde Hytaýdaky satuw 21% azalyp, 1,9 million elektroulag ýerlenipdir. Demirgazyk Amerikadaky satuw 27% azalyp, 320 müňe düşüpdir. Ýewropada bolsa 27% ösüş gazanylyp, 1,2 million elektroulag täze eýelerine gowşurylypdyr.