Awtoulag tehnologiýalaryny işläp taýýarlamakda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň biri bolan “Volvo” elektroulaglaryň bahasynyň adaty ýangyçly ulaglar bilen deňleşjek wagtyny mälim etdi. Şwed kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jim Rowan 2025-nji ýyla çenli elektroulaglarynyň bahasynyň adaty ýangyçly ulaglar bilen deň boljakdygyny belledi. Rowanyň pikirine görä, batareýalaryň özüne düşýän bahasynyň azalmagy elektroulaglaryň bahasynyň görnetin arzanlamagyna getirer.
“Volvo” kompaniýasy 2030-nji ýyla çenli adaty ýangyçly ulag önümçiligini doly ýatyrmagy meýilleşdirýär. Kompaniýa ýakyn geljekde benzinli we dizel ýangyçly ulag tehnologiýasyny işläp taýýarlamagy hem bes eder. “Volvo” 2025-nji ýyla çenli bolsa, global awtoulag satuwynyň 50 göteriminiň dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýänlerden ybarat boljakdygyny mälim edýär.
Allaberdi Töräýew, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby
PDF









