Ýapon tehnologiýa ägirdi “Sony” täze brend döretdi. LYTIA atly bu brend kamera sensorlaryny öndürmäge ýöriteleşdiriler. Mälim bolşy ýaly bu kompaniýa wideokameralary öndürmekde öňdeligi eýeleýär. Dünýäniň iň gowy kameraly telefonlarynyň sensorlaryny hem “Sony” öndürýär. Bu brend marketing ýagny kompaniýanyň harytlarynyň müşderilere has gowy hödürlenmegi maksady bilen döredilipdir. Ýapon kompaniýasy mundan beýläk-de ýokary aýratynlygy bolan kameralary öndürmegini dowam etdirer. Geljek ýyl köp smartfonda “Sony”-niň gowy netije berýän 1 dýuýmlyk kameralary oturdylar. “Sony LYTIA” ady bilen öndüriljek kamera sensorlarynyň diňe telefonlarda däl, beýleki enjamlarda hem oturdylmagyna garaşylýar. Mundan ozal kompaniýa diňe dronlar üçin kamera öndürýän “Airpeak” brendini döredipdi.
Begenç Soltanow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby
PDF









