ABŞ-nyň hökümeti 2030-njy ýyla çenli elektroulaglaryň söwdasyny 40 göterime ýetirmek üçin awtoulag öndürijiler bilen gepleşikler geçirýär. Zarýad infrastrukturasyny döretmäge köp milliardlyk maýa goýum üçin degişli kanunçylyk namasyny taýýarlamak meýilleşdirilýär.
Köp sanly amerikan awtoulag öndürijiler elektroulag önümçiliginiň gerimini giňeltmäge taýýardyklaryny belleýär. Ýurduň hökümeti zarýad infrastrukturasy üçin 7,5 milliard dollar maliýe serişdesini bölüp bermegi göz öňünde tutýar.
Ýurduň Prezidenti Jozef Baýden ABŞ-nyň Kongresine elektroulaglara maýa goýmak üçin 174 milliard dollar maýa goýum bukjasynyň bölünip berilmegine seretmek üçin ýüz tutdy. Bu maýa goýum bukjasy arkaly ýurduň ähli ýerinde jemi 500 müň zarýad beriş nokatlaryny döretmek göz öňünde tutulýar.
Aksoltan REJEPOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.