Dünýäniň iň köp awtoulag öndürýän kompaniýalarynyň biri bolan “Volkswagen” elektrik energiýasy bilen işleýän modelleriniň sanyny artdyrýar. Nemes brendi iň köp satylýan “Tiguan” modeliniň elektrik energiýasy bilen işleýän görnüşini öndürer. “ID.Tiguan” diýlip atlandyryljak model 2026-njy ýylda satuwa çykarylar. Kompaniýa şu aýyň başynda elektroulag önümçiligini ýokarlandyrmak we programma üpjünçiligini döwrebaplaşdyrmak üçin bäş ýyllyk maýa goýum meýilnamasyny mälim etdi. Maksatnamanyň çäklerinde öndüriljek “Tiguan” ulagy kompaniýanyň elektroulaglarynyň agramly bölegini emele getirer. Kompaniýa önümçiligi we satuwy ýokarlandyrmak üçin zawodlarynda elektroulag önümçiligi üçin täzelär. Kompaniýanyň köp satylan ulaglarynyň biri hem “Golf” modelidir. Bu modeliň elektrik energiýasy bilen işleýän ilkinji görnüşi 2017-nji ýylda peýda bolupdy. Emma “Golf”-yň elektroulag nusgasy Ýewropanyň daşyndaky bazarlarda o diýen köp eksport edilmedi. Täze model Ýewropanyň daşyndaky bazarlarda meşhur bolup brendiň elektrik döwrüne geçmegine kömek has köp goşant goşar.
Ahmet Akmyradow, Türkmenistanyñ Döwlet energetika institutynyň talyby.
PDF









