Bölek söwda kompaniýasy bolan «Amazon» emeli aň tehnologiýasyna has köp maýa goýum gönükdirmegi meýilleşdirýär. Kompaniýanyň «Amazon Web Services» (AWS) hyzmatynyň emeli aň infrastrukturasyny kämilleşdirmek üçin 11 milliard dollarlyk maýa goýum taslamasy durmuşa geçiriler. Onuň çäklerinde ABŞ-nyň Jorjiýa ştatyndaky maglumat merkezi kämilleşdiriler, bu ýerde azyndan 550 täze iş orny dörediler. Kompaniýa emeli aň tehnologiýasynyň ösen «bulut» infrastrukturasyna zerurlyk duýýandygyny mälim etdi.
Kuwwat ATAÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.