Afrika yklymynyň erkin söwda ylalaşygy (African Continental Free Trade Agreement AfCFTA) şu ýylyň 1-nji ýanwarynda doly işe başlady. Şeýlelikde, 1,27 milliarddan gowrak ilaty bolan 50-den gowrak ýurtda ýeke-täk söwda zolagy emele geldi. Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidenti, Afrika Bileleşiginiň başlygy Siril Ramafosanyň pikiriçe, AfCFTA yklymyň ykdysady ýagdaýyny düýpgöter üýtgetmeli. Ol bu barada bileleşige agza döwletleriň maslahatynda mälim etdi. – Men işewürleri bu taryhy wakanyň döredýän köp sanly mümkinçiliklerinden peýdalanmaga çagyrýaryn – diýip, ol belledi.
AfCFTA-niň çäklerinde nyrhlaryň we söwda päsgelçilikleriniň ýatyrylmagy göz öňünde tutulýar. Zolagy döretmek baradaky şertnama 2018-nji ýylyň ýazynda gol çekilip, 54 ýurduň häkimiýetleri tarapyndan tassyklanylandan soň 2019-njy ýylyň 7-nji iýulynda güýje girdi. Şol bir wagtyň özünde, zolagyň amaly taýdan işe başlamagyny nazarda tutup, 2020-nji ýylyň 1-nji iýulyndan başlap ylalaşyk gazanyldy, ýöne bu möhlet dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar sebäpli 2021-nji ýylyň ýanwaryna süýşürildi. AfCFTA agza ýurtlaryň sany boýunça dünýädäki iň uly erkin söwda sebitine öwrüldi. Geljek ýyl AfCFTA-nyň kömegi bilen Afrika ýurtlarynyň arasyndaky söwda dolanyşygy bir ýarym esse ýokarlanar diýlip çaklanylýar. Mundan ozal Siril Ramafosa Günorta Afrikanyň BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde bir afrikaly wekiliň hemişelik bolmagyna tagalla etjekdigini habar berdi.
Afrika Bileleşiginiň 55 ýurdundan 54-si üçin ýeke-täk söwda zolagy döredildi
Bu waka meýdany boýunça Ýer togalagynyň ikinji yklymynyň ýaşaýjylary üçin taryhy täzelikdir. Afrika yklymynyň erkin söwda baradaky ylalaşygyny gazanmak maksady bilen Afrika bileleşigi uzak ýyllardan bäri ýeňil bolmadyk gepleşikleri geçirip gelýär. Bilermenleriň bellemegine görä söwda zolagynyň mümkinçiliklerine öňünden baha bermek kyn meseleleriň biri bolup durýar. Bu söwda zolagy ilaty we meýdany boýunça iň uly zolaklaryň biridir. Emma täze bileleşigiň jemi içerki önümi 3,4 trillion dollara deň bolup, ol ýewrozolagyňkydan 4 esse, Hytaýyňkydan 6 esse azdyr. Bileleşigi döredijiler geljek birnäçe ýylyň içinde söwdanyň gerimini 60 göterime ýetirmegi maksat edinýärler. Ýöne onuň birnäçe kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boljakdygyny hem çaklaýarlar.
Afrikada umumy bazary döretmek pikiri 60 ýyl mundan döräp, yklymda garaşsyzlygyny ilkinji alan ýurtlaryň arasynda ýüze çykýar. Afrika ýurtlarynyň arasynda söwda päsgelçilikleriniň aradan aýrylmagy goňşy ýurtlaryň arasynda senagat we oba hojalyk harytlarynyň çäklendirmesiz satylmagyna mümkinçilik berer. Bu bolsa ýerli ykdysadyýetiň işjeňligini artdyrmaga badalga berer. Eger-de ähli zat ugrugyp gitse, onda afrikalylar ýakyn 10 ýyllykda öz ykdysady mümkinçiliklerini düýpli artdyrarlar. Şeýlelikde, erkin söwda zolagy bileleşigiň her bir agzasyna täze mümkinçilikleri açar.
Afrika bileleşigi 1963-nji ýylyň maýynda döredilip, ilki Afrika agzybirlik guramasy diýlip atlandyryldy. Ol häzirki adyna 2001-nji ýylda eýe boldy. Guramanyň düzüminde 54 döwlet bolup, olaryň ilaty 1,2 milliarda deňdir.