Ermenistan parlament saýlawlarynyň öňüsyrasynda

4

Ýekşenbe güni geçiriljek möhüm parlament saýlawlarynyň öňüsyrasynda, Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan ýurduň daşary syýasy ugruny durnuklaşdyrmak we sebitde parahatçylygy üpjün etmek ugrunda çykyş edýär. Geçirilen jemgyýetçilik pikiriniň netijelerine görä, saýlawlarda ynamly öňe barýan Hökümet Baştutany ýurduň garaşsyzlygyny goramak bilen bir wagtda, Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigi (ÝYB) we Russiýa Federasiýasy bilen gatnaşyklary kadaly ýagdaýda dowam etdirmegi maksat edinýändigini mälim etdi.
Premýer-ministr N.Paşinýan beren resmi beýanatynda Ýewropa Bileleşigine goşulmak baradaky mesele boýunça ýurtda häzirki wagtda referendum geçirmegiň maksadalaýyk däldigini belledi. Ol Ermenistanyň ÝYB-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy netijeli dowam etdirjekdigini, ÝB-ä agzalyk baradaky meseläniň bolsa häzirlikçe diňe nazary häsiýete eýedigini nygtady. Şonuň bilen birlikde, ýurduň geljekki strategik ugrunyň diňe ermeni halkynyň erki we umumy halk referendumynyň netijeleri esasynda kesgitlenjekdigini ýatlatdy.