EURO 2024-e iň köp haýsy kublardan futbolçy gatnaşýar?

51

Çempionata jemi 622 futbolçy çagyrylyp, Fransiýadyr Belgiýanyň ýygyndylarynyň düzüminde 25, galan 22 toparda mümkin bolan 26 futbolçy bar.

Çempionata iň köp oýunçy ugradan klublar 13 futbolçy bilen “Mançester Siti” hem-de “Inter” toparlarydyr. “Real Madrid” bilen PSŽ-niň 12, “Leipsig” hem-de “Barselona” klublaryndan 11, “Arsenal”, “Slawiýa Pragadan”, “Baýer” we “Bawariýadan” 10, “Liwerpuldan”, “Ýuwentus” bilen “Romadan” hem “Bolonýadan” 9, “Mançester Ýunaýted”, “Milan”, “Wolfsburg”, “Borussiýa Dortmund” klublaryndanam 8 futbolçy gatnaşýar. “Brentford”, “Feýenoord”, “Atletiko Madrid”, “Fenerbahçe”, “Şahtýor Donesk” klublaryndan 7 futbolçy ýygyndylara çagyryldy.

 

Mançester Siti, Inter – 13

Real Madrid, PSŽ – 12

Leipsig, Barselona – 11

Arsenal, Slawiýa Praga, Baýer, Bawariýa – 10

Liwerpul, Ýuwentus, Roma, Bolonýa – 9

Borussiýa Dortmund, Mançester Ýunaýted, Milan, Wolfsburg – 8

Brentford, Feýenoord, Atletiko Madrid, Fenerbahçe, Şahtýor Donesk – 7

Anderleht, Sparta Praga, Hoffenhaým, Napoli, Torino, Real Sosiedad, Dinamo Kiýew – 6