Dünýäniň iň beýik nokady bolan Ewerest dagyna çykmak iň kyn işleriň biri hasaplanýar. Bu ýerdäki dik gaýalar, sowuk howa, buz örtügi we güýçli ýel ýokary dyrmaşmagy kynlaşdyrýar. Deňiz derejesinden ýokary çykylmagy bilen dem almak hem kynlaşýar. Emma ösen tehnologiýa daga çykmagy aňsatlaşdyrar. Indi merduwan, ýüp, kislorod ballony ýaly ýokary dyrmaşmak üçin gerek bolan serişdeler dronlar arkaly daşalar. Daga dyrmaşmakda şol ýere belet ýerli halkyň wekilleri bolan şerpalar kömek edýär. «Airlift Technology» atly kompaniýa bolsa şerpalaryň onlarça ýyllyk tejribesinden peýdalanyp, dronly hyzmaty ýola goýmagyň aladasyny edýär. Şeýlelikde, daga çykmak ýeňil hem-de has howpsuz bolar.
Beýikligi 8 müň 848 metr bolan dagyň 5 müň 364 metrinde esasy, 6 müň 65 metrinde bolsa, birinji düşelge bar. Ýük daşamaga kömek edýän şerpalaryň 6-7 sagatda geçýän bu aralygyny dronlar 6-7 minutda geçer.
Şerpalar şu ýylyň daga dyrmaşylýan möwsüminde dronlardan peýdalanyp başlarlar.
Haldurdy BATYROW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Balkan welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, kapitan.