Fransiýanyň paýtagty Pariždäki Eýfel diňinde täsin çykyş görkezildi. Darbaz Natan Paulin Eýfel diňiniň birinji gatyndan “Chaillot” milli teatryna çenli aralykda çekilen ýüpüň üstünden ýöräp geçdi. Ökde darbaz 70 metr belentlikden, 600 metre çenli bolan aralygy ýarym sagatda geçdi. 27 ýaşly Pauliniň galyňlygy 2,5 santimetr bolan ýüpüň üstündäki täsin çykyşy meýdança ýygnananlary tolgundyrdy. Garaşylmadyk ýagdaýyň öňüni almak üçin darbazyň bilinden ýüp daňyldy. Ýörişiniň dowamynda mahal-mahal ýüpüň üstünde oturan Pauline tomaşa etmägä ýüzlerçe adam ýygnandy.
Ussat darbaz mundan ozal hem dürli çykyşlary bilen köpleri haýran galdyrypdy.