Eýranyň we Ermenistanyň ýokary wezipeli ýolbaşçylary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen ykdysady, medeni we syýasy ugurlarda hyzmatdaşlyk barada bilelikdäki beýannama we 10 resminama gol çekdiler.
Ozal habar berlişi ýaly, 18-nji awgustda, Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýanyň çakylygy bilen Ýerewanda resmi saparda boldy.
Şol gün irden geçirilen gepleşiklerde iki ýurduň döwlet ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda 10 resminama gol çekildi. Ylalaşyklar syýasy, jemgyýetçilik, medeni, syýahatçylyk, senagat, bilim ugurlary, şeýle hem ýol we şäher gurluşygy, sungat we saglygy goraýyş ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy öz içine alýar.
Hususan-da, Pezeşkian bilen Paşinýan bilelikdäki beýannama gol çekdiler.
Ermenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleri Ararat Mirzoýan we Abbas Aragçi 2025-2027-nji ýyllar üçin Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeler boýunça meýilnama gol çekdiler.