Formula 1 boýunça möwsümiň 4-nji bäsleşigi Bahreýniň Sakhir şäherindäki halkara trassada geçirildi. Agşam wagtlarynda geçirilen ýaryşda “McLaren” toparynyň awstraliýaly sürüjisi Oskar Piastri ilkinji hatardan bat aldy. Ol 57 aýlawy başlaýyşy ýaly tamamlap, şu möwsümdäki 2-nji, karýerasy boýunça-da 4-nji ýeňşini gazandy. 24 ýaşyndaky pilot pellehana 1 sagat 35 minut 39,435 sekuntda gelmegi başardy. Ýaryşda 2-3-nji orunlary britan sürüjileri eýeledi. Piastriden 15,499 sekunt yza galan “Mercedes” toparyndan Jorj Rassell 2-nji, ýeňijiniň topardaşy Lando Norris 16,273 sekunt soň pellehanadan geçdi we 3-nji rona mynasyp boldy.
4-5-nji ýerleri “Ferrari” toparynyň sürüjileri – monakoly Şarl Lekler bilen britaniýaly Lýuwis Hamilton eýeledi. Soňky çempion Maks Werstappeniň (“Red Bull”) 6-njy bolan ýaryşynda fransiýaly sürüjiler – Pier Gasli (“Alpine”) bilen Esteban Okon (“Haas”) 7-8-nji orunlarda ýaryşy tamamladylar. “Red Bull” hem-de “Haas” toparlarynyň beýleki sürüjileri degişlilikde, ýaponiýaly Ýuki Tsunoda bilen britaniýaly Oliwer Bimann 9-10-njy orunlary eýeläp, ýaryşdan iň az utuk alan sürüjiler boldular.
Bu ýaryşdan soň Norris ornuny saklamagy başardy. Onuň 77 utugy bar. Topardaşyndan 3 utugy az Piastri 2-nji, 69 utukly Maks Werstappen 3-nji ýerde barýar.
Möwsümiň 5-nji ýaryşy 20-nji aprelde Saud Arabystanynyň Jidda şäherinde geçiriler.