Af­ri­ka­nyň Ka­la­ha­ri çö­lün­de ga­wu­na meň­zeş tä­sin mi­we ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýär. Halk ara­syn­da «şah­ly ga­wun» ady bi­len ta­nal­ýan bu mi­wä­niň daş­ky gör­nü­şi edil ga­wun ýa­ly sa­rym­tyl-mä­mi­şi bo­lup, pa­ça­gyn­da ti­ken­le­ri bar. Adam­lar ti­ken­li ga­wu­ny ke­sen­le­rin­de edil zü­mer­ret da­şy ýa­ly ýa­şy­lym­tyl že­le meň­zeş et­li bö­le­gi­ni gö­rüp, geň gal­ýar­lar.
Af­ri­ka­da ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýän tä­sin mi­we­le­riň bi­ri bo­lan ki­wa­no baş­ga­ça «Af­ri­ka hy­ýa­ry» hem di­ýil­ýär.
«Cucur­bi­taceae» (kä­di­ler) maş­ga­la­sy­na de­giş­li ek­zo­tik mi­we hy­ýa­ra meň­zeş çyr­ma­şyk bal­dak­da bit­ýär. Ulu­ly­gy 12 san­ti­met­re, ag­ra­my 300 gra­ma ýet­ýän bu mi­wä­niň ta­ga­my ba­na­ny, ki­wi­ni we hy­ýa­ry ýa­dy­ňa sal­ýar. Hy­ýa­ryň­ky ýa­ly ýa­şyl çi­git­le­ri bo­lan ki­wa­no sag­lyk üçin peý­da­ly mi­we­le­riň bi­ri­dir.
Ti­ken­li ga­wun ýy­lyň is­len­dik möw­sü­min­de el­ýe­ter­li­dir. Se­bä­bi «şah­ly ga­wun­lar» Af­ri­ka­nyň iki ýa­rymşa­ryn­da-da ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýär we bü­tin dün­ýä eks­port edil­ýär. Af­ri­ka ga­wun­la­ry mar­ket­ler­de «Me­la­no», «Fru­to del Pa­rai­so» we «Cuke-a-sau­rus» at­la­ry bi­len satyl­ýar.
Ki­wa­no ter­li­gi­ne iýil­mek bi­len bir ha­tar­da, iş­däa­çar­la­ra, su­wuk na­har­la­ra, doň­dur­ma we mi­we iç­gi­le­ri­ne go­şul­ýar. Af­ri­ka ga­wu­ny­ny iý­mek üçin, il­ki bi­len, da­şy­ny ma­za­ly ýuw­ma­ly we ti­ken­le­rini ke­sip aýyr­ma­ly. Soň­ra iki bö­le­ge bö­lüp, di­limläp ýa-da çem­çe­läp iý­me­li. Ýew­ro­pa we Azi­ýa ýurt­la­ryn­da ki­wa­no eti çalt bi­şir­mek­de, su­şi taý­ýar­la­mak­da ula­nyl­ýar.
80 gö­te­ri­mi suw­dan yba­rat bolan bu mi­we 1930-njy ýyl­lar­da Af­ri­ka­dan Tä­ze Ze­lan­di­ýa hem-de Awst­ra­li­ýa ge­ti­ril­ýär. Hä­zir­ki wagt­da ki­wa­no önüm­çi­li­gin­de Af­ri­ka, Awst­ra­li­ýa we Ýu­waş um­ma­ny­nyň ke­na­ryn­da­ky ýurt­lar öň­de­li­gi eýe­le­ýär.