UEFA Çempionlar Ligasynyň pleý-off tapgyrynyň jogap oýunlarynda “Fenerbahçe” topary myhmançylykda “Liony” 2-1 hasabynda ýeňdi. Türk toparynyň gollarynyň ikisi hem 1-nji ýarymda hasaba alnyp, olary 4 minutyň dowamynda Wedat Muriki (24) bilen Arçi Brawn (28) öz atlaryna ýazdyrdylar. “Liondan” Malik Fofananyň 61-nji minutda geçiren goly ýeňşe ýetmedi. Stambulda oýnalan 1-nji oýun deňlikde tamamlanypdy. Şunlukda, “Fenerbahçe” topary 17 ýyldan soň 7-nji gezek UEFA Çempionlar Ligasynyň final tapgyryna gatnaşar. 6 möwsümden bäri Çempionlar Ligasyna gatnaşyp bilmeýän “Lion” Ýewropa Ligasyna wekilçilik eder.
PDF








