FIFA amerikaly futbolçynyň jerimesini ýatyrdy

5

FIFA guramasy 5-nji iýulda ABŞ-nyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Folarin Balogunyň gyzyl kartoçka sebäpli alan diskwalifikasiýasyny wagtlaýynça togtatmak barada ozal görlüp-eşidilmedik karar kabul etdi. Netijede, kabul edilen bu çözgüt amerikaly futbolça 6-njy iýulda Belgiýanyň ýygyndysyna garşy geçiriljek 1/8 final duşuşygyna gatnaşmaga mümkinçilik berýär.

Dünýä çempionatynda üç gol geçirip, öz toparynyň iň netijeli oýunçysy bolan Balogun mundan birnäçe gün öň Bosniýa we Gersegowinanyň ýygyndysyna garşy geçirilen oýunda (2:0) meýdançadan çykarylypdy we düzgün boýunça bir duşuşyk möhletine oýundan çetleşdirilmelidi. “Associated Press” habarlar agentliginiň habar bermegine görä, bu waka 1962-nji ýyldan bäri Dünýä çempionatynda alnan gyzyl kartoçkanyň diskwalifikasiýa getirmedik ilkinji ýagdaýy boldy.

Munuň bilen baglylykda, ABŞ-nyň Prezidenti jemgyýetçilik torundaky sahypasynda FIFA-a adalatly çözgüt we adalatsyzlygy aradan aýyrandygy üçin hoşallyk bildirdi. Öz gezeginde, Belgiýanyň Futbol assosiasiýasy resmi beýanat bilen çykyp, FIFA-nyň bu kararyna geň galandygyny we ondan närazydygyny mälim etdi.