“Ford” aw­tou­lag kom­pa­ni­ýa­sy bi­len CATL kom­pa­ni­ýa­la­ry ABŞ-nyň Mi­çi­gan şta­tyn­da ba­ta­re­ýa önüm­çi­lik kär­ha­na­sy­ny gur­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär­ler. Elekt­rou­lag önüm­çi­li­gi­ne has köp ma­ýa go­ýum goý­ma­gy mak­sat edin­ýän “Ford” mun­dan ozal ABŞ-da ba­ta­re­ýa za­wod­la­ry­ny gur­mak üçin Ko­re­ýa­nyň “SK In­novation” kom­pa­ni­ýa­sy hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la go­ýup­dy. In­di bol­sa, kom­pa­ni­ýa hyz­mat­daş­ly­gy­nyň çä­gi­ni has hem gi­ňeld­ýär. “CATL” bi­len hyz­mat­daş­lyk aw­tou­lag bren­di­ne li­tiý-de­mir-fos­fat (LFP) ba­ta­re­ýa­la­ry­ny ön­dür­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer. Ba­ta­re­ýa önüm­çi­li­gi­niň bu gör­nü­şin­de ni­kel ýa-da ko­balt ula­nyl­ma­ýar. Şeý­le bo­lan­soň, ol has ar­zan düş­ýär. Şeý­le ba­ta­re­ýa­la­ryň önüm­çi­li­gi soň­ky ýyl­lar­da elekt­rou­lag­lar­da has köp ula­ny­lyp baş­lan­dy. Ge­çen ýyl “Tes­la”-nyň elekt­rou­lag­la­ry­nyň ýa­ry­sy­na şeý­le ba­ta­re­ýa otur­dy­lyp­dyr. “Ford” kom­pa­ni­ýa­sy bol­sa, gel­jek ýyl­lar­da ta­nyş­dyr­jak elekt­rou­lag­la­ry­nyň LFP ba­ta­re­ýa­ly bol­jak­dy­gy­ny mä­lim ed­ýär. Ola­ryň ara­syn­da “Mus­tang Mach-E” we “F150” ýa­ly kuw­wat­ly mo­del­ler hem bo­lar.

Ys­lam­ber­di Tyl­la­nu­row, Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň uly mu­gal­ly­my.