“Honda” we “General Motors” kompaniýalary wodorod ýangyçly awtoulag öndürmekde hyzmatdaşlyk edýär. Kompaniýalaryň ilkinji ulagynyň şu ýylyň ahyrynda önümçiligine başlanmagyna garaşylýar. Ýaponiýanyň “Honda” hem-de ABŞ-nyň “General Motors” kompaniýalary geljek on ýylyň dowamynda bu ugurdaky önümçiligini tapgyrlaýyn artdyrmagy meýilleşdirýärler.
Ilkinji nobatda, her ýylda 2 müň wodorod ýangyçly ulag öndürmegi meýilleşdirýän hyzmatdaşlar bu görkezijini 2030-njy ýyla çenli 60 müňe ýetirmegi maksat edinýärler.
Wodorod ýangyjynyň ulanylyşyny dürli ugurlarda artdyrmagy meýilleşdirýän “Honda” 2050-nji ýyla çenli ähli harytlarynyň hem-de önümçilik desgalarynyň “nol uglerodly” bolmagyny ýola goýar.
Wodorod ýangyç tehnologiýasy elektrohimiki proses arkaly elektrik energiýasyny öndürmäge mümkinçilik berýär. Bu tehnologiýada motor elektrik, ýylylyk we suw buguny öndürmek üçin howadaky wodorody we kislorody ulanýar. Wodorod ýangyçly ulaglaryň tüsseçykaryndan zyýanly gaz däl-de, diňe bug çykýar.
Jeren Şirjanowa, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby.
PDF









