Öňümizdäki ýyllarda Fransiýada emeli aňyň ösüşine maýa goýumlarynyň mukdary 109 milliard ýewro barabar bolar. Bu barada Respublikanyň Prezidenti Emmanuel Makron “France 2” teleýaýlymynda mälim etdi.
-Ýewropa we Fransiýa barha güýçlenýär. Ýakyn wagtda Fransiýada emeli aňyň ösüşine 109 milliard ýewro maýa goýumy yglan ediler – diýip, Döwlet Baştutany belledi. Makronyň sözlerine görä, “fransuz AI taslamalaryna maýa goýujylar BAE, ABŞ, Kanada we Fransiýa kompaniýalary bolar”.
Prezident Parižiň Nýu-Deli we Pekin bilen emeli aňyň ösüşi ugrunda işlemek isleýändigini aýtdy. Biz Hindistan bilen bilelikde işleşmek isleýäris. Şeýle hem Hytaý we ABŞ bilen hyzmatdaşlyk etmek niýetimiz bar, emma hiç kime bagly bolmak islemeýäris – diýip, Makron belledi.
10-11-nji fewralda Parižde emeli aňyň ösüşine bagyşlanan fransuz-hindi bilelikdäki maslahaty geçiriler. Fransiýanyň maksatlaryndan biri, jemgyýete hyzmat etmek üçin emeli aňdan peýdalanmak üçin gazna döretmekdir.