Fransiýada dogluş derejesi 2025-nji ýylda 1944-nji ýyldan bäri iň pes görkezijä çenli peseldi. Fransiýanyň Milli statistika we ykdysady barlaglar institutynyň (INSEE) maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda 654 müň çaga dünýä indi. Bu görkeziji 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 2,1% we dogluş derejesiniň iň ýokary bolan wagty – 2010-njy ýyl bilen deňeşdirilende 24% azdyr.
“Dogluş koeffisienti peselmegini dowam edýär: 2024-nji ýyldaky 1,61 görkezijisinden soňra, 2025-nji ýylda her zenana ortaça 1,56 çaga düşdi. Bu Birinji jahan urşundan bäri iň pes derejedir” diýlip, hasabatda aýdylýar.
INSEE 2025-nji ýylda ölümleriň sanynyň täze doglanlaryň sanyndan geçendigini we 651 müňe ýetendigini belleýär. Bu bolsa 2024-nji ýyldakydan 1,5% köpdür. Hasabatyň awtorlarynyň pikiriçe, ölüm derejesiniň ýokarlanmagy gyşky dümew epidemiýasy, aýratyn-da 2025-nji ýylyň başyndaky dümew bilen baglanyşyklydyr.
Şeýle-de bolsa, ýurduň umumy ilatynyň sany 69,1 milliona çenli artdy – 2024-nji ýylda bu görkeziji 68,6 million adama deňdi. Ortaça ömür dowamlylygy zenanlar üçin 85,9 ýyl, erkekler üçin bolsa 80,3 ýyl hökmünde hasaba alyndy.